ÇAGA — DURMUŞYŇ GÜLI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň döredijilige we sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 5-nji “Nowruz” çagalar bagynda “Çaga durmuşyň güli” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda etrabyň 5-nji “Nowruz” çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Körpejeleriň ýerine ýetiren asuda-abadan ýurdumyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr-aýdymlary, sahna oýunlary gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 35 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 86 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY