NAR — TEBIGY DERMAN

Güýz we gyş pasyllarynda adam organizminde sowuk howa, Gün şöhlesiniň azlygy we witamin ýetmezçiligi bilen baglanyşykly halsyzlyklar duş gelip bilýär. Şeýle ýagdaýda adam bedenine güýç berýän, immuniteti ýokarlandyrýan tebigy serişdeleriň biri hem nardyr.

Nar diňe bir tagamly miwe bolman, eýsem köp sanly peýdaly häsiýetlere eýe bolan tebigy derman. Merkezi Aziýa ýurtlarynda, aýratyn-da Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Gyrgyzystanda nar gyş paslynyň iň köp ulanylýan miweleriniň biridir.

Naryň taryhyna seretsek, ol gadymy zamanlardan bäri adamlaryň iýmitinde we bejeriş maksatlarynda ulanylypdyr. Ony "miweleriň şasy", “başy täçli miwe” diýlip hem atlandyrylýar. Hindistandan başlap, Eýran, Merkezi Aziýa we Ortaýer deňziniň kenar ýurtlarynda nar müňlerçe ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär.

Naryň düzüminde köp sanly peýdaly maddalar bar. Ol witamin C, K, B9, polifenoller, demir, kalium we antioksidantlara baýdyr. Mundan başga-da nar:

1. Immuniteti güýçlendirýär. Gyşda kesellere garşy durmak üçin immun ulgamynyň güýçli bolmagy möhümdir. Naryň düzümindäki witamin C we antioksidantlar bedeniň gorag güýjüni ýokarlandyrýar.

2. Gan aýlanyş ulgamyna peýdaly. Nar gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Şeýle hem ol gan damarlaryny arassalaýar. Nar sowuklamanyň, gyzdyrmagyň öňüni almakda-da peýdaly.

3. Içegäniň işini kadalaşdyrýar. Naryň düzümindäki süýüm maddalary iýmit siňdiriş ulgamyna oňyn täsir edýär.

4. Deri we gözellik üçin peýdaly. Antioksidantlar deri öýjügini ýaşartmaga kömek edýär. Şeýle hem nar saçlaryň hem-de dyrnaklaryň sagdynlygyny saklaýar.

Nar diňe bir miwe görnüşinde däl, eýsem onuň şiresi hem giňden ulanylýar. Täze sykylan nar şiresi ir ertir içilende, beden üçin güýçli antioksidant täsirini berýär.

Her gün bir nar iýmek ýa-da bir bulgur nar şiresini içmek bilen öz saglygymyzy berkidip bileris.

Atageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Murgap etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Sentýabr 2025 | 79 okalan

GELJEGE UZAÝAN ÝOLLAR