Milli sport oýunlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň möhüm bölegi bolup, gadymdan bäri jemgyýetiň ösüşinde aýratyn orun eýeläpdir. Türkmen halkynyň milli sport oýunlary müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, halkymyzyň durmuş ýörelgeleri we medeni aýratynlyklary bilen aýrylmaz baglanşyklylykda emele gelipdir.
Türkmen milli sport oýunlary diňe geçmişiň mirasy hökmünde galman, häzirki döwürde-de döwlet derejesinde ösdürilip, dünýä derejesine çykarylýar. Ýurdumyzda sportuň ähli ugurlary bilen birlikde milli sport görnüşlerine hem döwlet derejesinde goldaw berilýär. Halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýär.
Türkmen milli sport oýunlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, häzirki döwrüň hem ruhy baýlygyny görkezýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bolsa türkmen halkynyň beýik taryhynyň, baý medeniýetiniň dünýãde giňden tanadylmagyna hyzmat eder.
Jemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň bașlygy.