Golaýda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda körpeleriň gatnaşmagynda ”Sport — sagdynlygyň sakasy” ady bilen sport ýaryşy geçirildi. Ýaş nesliň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde ”Şatlyk” we ”Şowhun” toparlary özara bäsleşdiler.
Bäsleşik çekeleşikli geçip, ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Täzegül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.