Magtymguly Pyragy belent ynsan häsiýetlerini beýan edýän goşgulary bilen türkmen halkyny dünýä tanadan nusgawy şahyrdyr.
Akyldar-şahyryň goşgularynda dostluk-doganlyk, merdi-merdanalyk, edep-ekramlylyk hem-de belent ahlak häsiýetleri çeper sözüň üsti bilen beýan edilýär. Şahyryň “Durasyň geler” atly goşgusynda:
Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli-ekramly mylaýym zada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
—ýaly ajaýyp setirlerinde zenan maşgalanyň edep-ekramy çeper sözüň üsti bilen beýan edilýär.
Magtymguly Pyragy öz goşgularynda erkek adamlaryň watançy, merdana, edermen bolmaklaryny ündäpdir. Muňa mysal edip nusgawy şahyrymyzyň “Gerekdir”, “Görüň” ýaly goşgularyndaky ajaýyp setirleri bellemek bolar:
Gerekdi
Ýigit öler ýurt üstünde,
Janyn berip ar üstünde,
Goç ýigitler il üstünde,
Namys bilen ar gerekdir.
Görüň
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň.
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Ozal ykrarynda duruşyn görüň.
—diýen setirleriň üsti bilen türkmen ýigitlerine merdi-merdana, edermen hem-de gaýduwsyz bolmagy ündäpdir.
Halkyň agzybirligi — bu döwletliligiň alamaty. Pyragynyň “Türkmeniň” atly goşgusynda:
Köňüller ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Şeýle hem “ Döker bolduk ýaşymyz” atly şygrynda:
Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
— setirleri bilen halky agzybirlige, jebislige şeýle hem döwletlilige çagyrýar.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry, gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belentde tutulýan günlerinde ata Watanymyz Türkmenistanda durmuşyň islendik ugrunda bu beýik şahsyýetiň dana pähim-paýhasa ýugrulan eserlerinden ugur alyp, beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim we medeniýet ulgamyny ösdürmekde, baý medeni-mirasymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan belent maksatly işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Mekan MÄMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň
hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.