BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE ÝAŞ ALYMLARYŇ YLMY GADAMLARY

Islendik jemgyýetiň ösüşiniň netijeliligini onuň esasy düzüm bölegini düzýän sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlar hem-de ylym-bilim ulgamynyň kämillik derejesi kesgitleýär. Häzirki zaman şertlerinde öňdebaryjy bilimleri we ylmy usullary esaslandyrmaga, özleşdirmäge we ulgamlaşdyrmaga gönükdirilen adamzat işjeňligi şertleriň döredilen, zehinleriň gadyr-gymmatynyň bilinýän jemgyýetinde aýdyň ýüze çykýar. Deňi-taýy bolmadyk ösüşlere beslenýän zamanamyzda ynsan kalbynyň ýene-de bir ruhy hazynasynyň – ylymlar hazynasynyň gapysy türkmen halky üçin giňden açyldy.

Hormatly Prezidentimiz: “Ýaş nesli hakyky watançylyk we milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek, ýaş türkmenistanlylaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmagy, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.” diýip nygtaýar. Şu jähetden, ýurdumyzda ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Her bir raýatyň intellektual derejesi ýokarlandyrylýar, ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilimden ýüki ýeten, edep-terbiýeli, ussat hünärmen bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Täze gurulýan mekdepleriň, ýokary okuw jaýlaryň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagyna oňaýly şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Dünýäde okgunly ösýän ylmyň ýaşlaryň gündelik durmuşynyň hemrasy bolmagy, olaryň bu ugurda gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de geljekde gazanan netijelerini önümçilige we durmuşa ornaşdyrmak babatda tutumly işler amala aşyrylyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde beýik ösüş ýoluna düşen döwletimizde döredilýän ylmy merkezleriň, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ajaýyp binalaryň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ylmy-tehniki ösüşleriň asyry hasaplanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, sanly tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi bu günki gün dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýji esasy görkeziji bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň: “...Ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler.” diýen çuň manyly sözleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu nukdaýnazardan, ylym ulgamyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipedir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň netijelerini ylmyň ileri tutulýan ugurlary babatynda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ylmy işler boýunça bäsleşiginiň işjeň ýagdaýda geçirilmeginde-de görmek bolýar. Bu bolsa öz gezeginde, türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň ylymda aýratyn tapawutlanmagyna, olary ylmy işlere höweslendirmäge, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagy, ylmy-barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanda ýaşlary ylma höweslendirmekde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny uly ähmiýete eýedir. Bu Kanun ýaşlaryň bilim almak, ylmy-barlag işlerini alyp barmak, täze başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatynda giň mümkinçilikleri açýar. Kanuna laýyklykda, ýaş alymlar üçin döwlet derejesinde döredijilik grantlary göz öňünde tutulýar, ylmy taslamalary maliýeleşdirmek boýunça ýörite maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyklaryna gatnaşmagy goldanylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çägindäki Ýaşlar forumyny görkezmek bolar.

Bu forum ýaş alymlara öz pikirlerini halkara derejesinde beýan etmäge giň mümkinçilik berdi. Forumda ýaşlaryň ylma we innowasiýalara goşýan goşandy ýokary baha berildi. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy bolsa şol başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça işjeň çäreleri alyp barýar. Bu işleriň netijesinde ýaş alymlar diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem halkara jemgyýetçiliginiň ösüşine hem öz paýlaryny goşýarlar.

Bu mümkinçilikleriň ählisi ýaş alymlaryň ylma bolan höwesini artdyrýar we olaryň öz zehinlerini doly ýüze çykarmaklaryna ýol açýar.

Jemgyýetiň döwrebap ösüşiniň hereketlendiriji güýjüniň ylym-bilim bilen kesgitlenýändiginden ugur alýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä tejribesi bilen sazlaşykda ylym we bilim ulgamy netijeli ösdürilýär, döwlet tarapyndan bilime-ylyma höwesli ýaşlara ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi, halkymyzyň abadançylygyny, döwrebap ösüşini üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer tagallalarynyň miwesidir.

Umuman, ýaş alymlaryň ylmy gadamlarynyň diňe bir häzirki zaman üçin däl, eýsem ýurdumyzda bilimli, pähimli, dünýä derejesinde tanalýan nesliň kemala gelmegine hem hyzmat edýändigini aýratyn bellemek bolar.

Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesil bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 43 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 41 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM