ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda giň gerimde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk uly jogapkärçilik bilen garşy alynýar. Bu ugurda ýurdumyzda hem maksatnamalaýyn we toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýol hereketi – bu ýol şertleriniň, ulag serişdeleriniň pyýada akymlarynyň we daşky gurşawyň özara baglanyşykly hereket edýän çylşyrymly ulgamydyr.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen biraýlygyň maksady ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.

Biraýlygyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlikler, wagyz-nesihat duşuşyklary, makalalar, wideoroliklar taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýle hem biraýlygyň şygary bilen baglylykda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda dürli oýunlar guralýar.

Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ogulsapar JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Sentýabr 2025 | 38 okalan

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGI

16 Sentýabr 2025 | 48 okalan

ÝOLYŞYK — BIZIŇ DOSTUMYZ