TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi öz işjeň agzalary bilen bilelikde, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň «Ýolagçy» terminalynda «Miras» teleýaýlymy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisi we onuň ähmiýeti hakynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik gurady.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmeginde, jemgyýetçilik syýasy, medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgitlere ýetmekde ähmiýetiniň uludygyny bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyna laýyklykda hereket edýän we halkyň bähbitlerini goraýan, jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzy has-da ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, dürli wezipeleri çözmäge gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 16 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

17 Sentýabr 2025 | 21 okalan

ÝOLLAR ASUDA — ILLER ABADAN

17 Sentýabr 2025 | 46 okalan

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER