GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ BAÝRAMY

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda öz milli däplerini, dilini, ruhuny gorap geldi. Garaşsyzlyk hem şol milli ruhuň beýik miwesidir.

Ýurt Garaşsyzlygyny gazanaly bäri, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanyldy. Täze-täze şäherler gurlup, döwrebap ýol-ulagy ulgamlary, täze kärhanalar açyldy. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlary halkara derejesine çykaryldy.

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we ösüşiň ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň güýçlenmeginiň esasy daýanjy hem Garaşsyzlygymyzdyr.

Garaşsyzlyk güni diňe bir baýramçylyk däl, eýsem türkmen halkynyň milli mertebesiniň, beýik buýsanjynyň nyşanydyr. Bu günki gün  her bir raýat öz ýüreginde Watana bolan söýgüsini, onuň bagtyýar geljegine bolan ynamyny duýýar.

Garaşsyzlyk – bu biziň bagtymyz, ösüşimiziň çeşmesi, milli buýsanjymyz!

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 23 okalan

GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ BAÝRAMY

10 Sentýabr 2025 | 102 okalan

ÝAŇLANSYN PARAHATLYK AÝDYMY