GARAŞSYZLYK — HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere tarap öňe barýar. Biz muny halkymyzyň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerinde görýäris. Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly senelere, baýramlara beslenýär. Türkmen halkymyz şeýle ajaýyp baýramlaryň birini, ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny uly dabara bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Çünki, Garaşsyzlyk halkyň abraýyny belende göteren, döwletimizi ösdürmäge badalga beren gymmatlykdyr.

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň, häzirki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň we geljekki ösüşleriň gözbaşydyr. Bu baýram biziň üçin soňlanmajak aýdym-saz, arşa göterilen buýsanç we belent maksatlara bolan ynamdyr.

Türkmen halkynyň asuda, parahat, agzybir durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Hallygözel AGAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 116 okalan

PARAHATÇYLYK — DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

21 Oktýabr 2025 | 845 okalan

BITARAPLYK — BAKY BUÝSANJYMYZ