Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýol hereket howpsuzlygynyň gözegçiligini güýçlendirmek, ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen yglan edilen biraýlygyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny doly öwrenmeginde ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýol hereketiniň düzgünlerini doly bilmeginiň we berjaý etmeginiň ýollarymyzyň asudalygyny, durmuşymyzyň rahatlygyny üpjün edýändigi baradaky çykyşlar diňlenildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Rüstem HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.