ÝAŞLAR DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY GÜÝJIDIR, HALKYMYZYŇ BELENT MAKSATLARA ÝUGRULAN NURANA GELJEGIDIR

Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy ulgamyndaky möhüm jemgyýetçilik institusional düzümi bolan Halk Maslahaty, ýurdumyzyň ösüş ýolunda möhüm ugurlary kesgitleýän, strategik kararlaryň kabul edilýän ýokary maslahaty hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilýän her bir mejlis, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň täze tapgyrlara gadam basmagyna ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiziň: “Men “Watan” we “Halk” diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi Türkmenbaşy şäheriniň    6-njy orta mekdebinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň XXXIV ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde seredilen meseleler dogrusynda, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, ýaş nesle we geljege gönükdirilen çemeleşmeler, döwlet syýasatynyň we kanunçylygyň wagyz edilmegi, demokratiýanyň dabaralandyrylmagy, halkyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşmagy, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklary pugta ýola goýmagy, medeni we milli däpleriň hem-de ruhy-ahlak taýdan gymmatlyklaryň saklanylmagy dogrusynda täsirli çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler, bagtyýar halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Gültäç ALYHANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy

şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar