Golaýda Daşoguz welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «Halk Maslahaty — döwletimiziň we halkymyzyň aýdyň gelejeginiň berk binýady» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzaklary nazarlaýan giň we çuň manyly taryhy çykyşlary, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli kabul edilen kararlar barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.