GEŇEŞLI ILIŇ-DÖWLETLI ÝOLY

Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat, Balkanabat şäher Geňeşleriniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, il-ýurt bähbitli meseleleri ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlygymyzyň beren miweleri, ýeten beýik sepgitlerimiz, täze maksatlarymyzdyr ösüşli menzillerimiz barada hem-de pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulylaryň, dilleri senaly enelerimiziň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege bolan hormat sarpasynyň nyşanydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanany peşgeş beren, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Şadurdy GOWŞAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 48 okalan

GARAŞSYZLYK – MILLI BUÝSANJYMYZDYR

26 Sentýabr 2025 | 56 okalan

GEŇEŞLI ILIŇ-DÖWLETLI ÝOLY

24 Sentýabr 2025 | 62 okalan

GARAŞSYZLYK – BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY