BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANYLAN DABARA

Golaýda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Sakarçäge etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp, oňa etrabyň ýaşuly nesliniň wekilleri, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlary gatnaşdylar.

Medeniýet öýüniň aýdymçylarynyň, tans toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara, ajaýyp tanslara tomaşa edildi. Aýdym-sazlarda bagtyýar Watanymyza, ajaýyp döwrümize bolan buýsanç duýgulary özüniň mynasyp beýanyny tapdy. Ýaňlanan şirinden-şirin owazlar bolsa, dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Merdan BEKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 39 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 83 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 42 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM