ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GARRYLAR GEREK

Türkmen halkynda ýaşululara hormat goýmak gadymdan gelýän ýagşy däpleriň biridir. Olar maşgalanyň goldawy, paýhasly maslahatçysy, ýaşlaryň ýol-ýörelgesidir.

Durmuş – diňe bir ýaşlaryň güýç-kuwwaty ýa-da ýaşlygyň joşguny bilen çäklenmeýär. Adamlaryň ýaşaýyş ýolunyň iň baý hem-de gymmatly tapgyry bolsa, garrylyk döwrüdir. Sebäbi, şol döwre ýetmek diňe ýyllaryň geçmegi däl-de, tejribäniň, paýhasyň, durmuşdan alnan sapaklaryň jemlenmegidir.

Garrylar – halkymyzyň ýaşaýşynyň göni şaýady. Olar ýaşlara diňe söz bilen däl, öz durmuş tejribesi bilen hem terbiýe berýärler. Bir söz bilen aýdanyňda, garrylar – ýaşlar üçin ýaşaýyş mekdebi, paýhas çeşmesidir.

Däp-dessurlar, gadymdan gelýän milli ýörelgeler, diňe kitaplardan ýa-da çeper eserlerden öwrenilmeýär. Olar göni durmuş tejribesi arkaly nesilden-nesle geçýär. Garrylar ýaşlara halkyň ruhuny, milli ýörelgelerini, at-abraýy goramagyň ýoluny öwredýärler.

Ýaşlaryň ýüregi joşgunly, ädimleri çalt bolýar. Käwagt olar durmuşda sabyrsyz hem bolup bilýärler. Şeýle ýagdaýda garrylaryň mähriban sözi, akylly maslahatlary ýaşlaryň ýoluna ýagty çyrag ýaly bolup hyzmat edýär.

Garrylaryň ýaşlaryň arasynda bolmagy jemgyýetiň berk binýadydyr. Paýhasy, tejribesi, rowaýatlary, gürrüňleri bilen olar ýaşlaryň ruhy taýdan baýlygyny üpjün edýärler. Şeýlelikde, ýaşlaryň arasynda garrylaryň bolmagy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi üçin möhüm şertdir.

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Sentýabr 2025 | 36 okalan

GARAŞSYZLYGYŇ DATLY MIWELERI

29 Sentýabr 2025 | 47 okalan

KITAP — ÝAGTY GELJEGE TARAP ÝOL

29 Sentýabr 2025 | 34 okalan

HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER