Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Türkmenistan» toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – baky bagtym» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Onuň dowamynda medeniýet merkeziniň ýaş estrada aýdymçylarynyň, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Laçyn AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.