WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda «Bagtyýar  ýaşlar bilen Watanymyzyň röwşen geljegidir» ady bilen  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda edilen çykyşlarda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň ilatynyň esasy bölegi ýaş nesillerden ybaratdyr. Şoňa görä-de, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Şeýlelik-de, döwlet durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň esasyny düzýär. Ýaş nesliň uly toparyny özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrülen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň has-de kämilligini gazanmagy alyp barýan köpugurly işleriniň özeninde goýýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilhalar başlangyjyndan ugur alyp, ýaş nesliň aňynda «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini ýokarlandyrmak, ony gözüň göreji ýaly goramagy, ýürekden söýmegi terbiýelemek esasy wezipe bolup durýar.

Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar  ýaş nesliň bagtyýarlygy babatda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal

welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 42 okalan

WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 15 okalan

GÜÝÇLÜLERI ÖŇE SAÝLAN ÝARYŞ

08 Oktýabr 2025 | 43 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK