«GARAŞSYZLYK – HALKYŇ BEÝIK YKBALY, BITARAPLYK – PARAHATLYK YKRARY» ATLY AÝDYM – SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde guramagynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – halkyň beýik ykbaly, Bitaraplyk – parahatlyk ykrary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada talyp ýaşlar, ýaş hünärmenler hem-de çagyrylan myhmanlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda ata Watanymyzy wasp edýän şirin aýdymlar belentden ýaňlanyp, aýdymlarda watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýerine ýetirilen aýdymlar tansly çykyşlar çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Bagtyýar halkymyzyň uly şatlyk-şowhun bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uludan baýram edýär. Halkymyz agzybirlikde, jebislikde Garaşsyzlyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen garşy alýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolany bäri, sanlyja ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrülmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesi berlen ýurt hökmünde resmi taýdan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanylmagy, ähli başlangyçlary biragyzdan goldanylýan sebit hökmünde Türkmenistanyň dünýäde iň abraýly döwletleriniň birine öwrülmegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň miweleridir.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzyň röwşen gelejegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar