ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap Bilim bölümi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Magtymguly etrap komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk çäre boýunça etrabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketine degişli surat çekmek boýunça «Biz surat çekýäris» atly bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşik diýseň gyzykly bolup okuwçylaryň öz başarnyklaryna görä çeken suratlaryna bellenen eminler tarapyndan baha berildi. Okuwçylaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy.

Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Humaý ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar