HORMATLY ÝAŞULULARYMYZ TÜRKMEN ÝAŞLARY ÜÇIN MUKADDES MEKDEPDIR

Şeýle şygar astynda, düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy Atabaý Penaýewiň döwletli maşgalasynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmen halkynyň asylly häsiýetlerine eýerilip, naz-nygmatly desterhanyň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Beýzaly Ataýewiň alyp barmagynda halypa mugallymyň, il sylagly ýaşulularyň hem-de kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda täsirli söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda öýlerimiziň bezegi, toýlarymyzyň ýaraşygy saýylýan ýaşulularymyza, mähriban enelerimize goýulýan hormat-sarpa dogrusynda, şeýle hem agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ýaşuly nesliň wekilleriniň orny dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlara baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Oktýabr 2025 | 40 okalan

MERTLERIŇ HATYRASY BELENT TUTULÝAR

02 Oktýabr 2025 | 208 okalan

ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANDY