WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Dokma fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen çärede halkymyzyň ykbalyna röwşen nuruny çaýýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dogrusynda gürrüň edildi. Ýurdumyzda maşgala agzybirligini, jebisligini berkitmek bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler uly täsirleri döretdi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimize aýratyn ähmiýet berýän, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 42 okalan

WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 15 okalan

GÜÝÇLÜLERI ÖŇE SAÝLAN ÝARYŞ

08 Oktýabr 2025 | 43 okalan

SPORT — SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK