ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda 1-nji oktýabr Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli il sylagly ýaşulularymyzyň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş eden il sylagly ýaşulular öz gezeklerinde baý durmuş tejribeli ýaşulularymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik hakyndaky öwüt-nesihatlary agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Il sylagly ýaşulularymyza hormat goýmak, biziň ata-babalarymyzdan gelýän milli däp dessurlarymyzdyr diýip belläp geçdiler.

Şeýle hem, häzirki wagtda hormatly ýaşulularyň watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň nusgalyk göreldesi, alyp barýan wagyz-nesihat işleri ýaş nesiller üçin möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan mekdepdir. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçy sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdylan aýdymlar ýaşulular günine aýratyn öwüşgin berdi.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda türkmen halkyny asuda, abadan durmuşda ýaşadýan, ýaşululara uly hormat sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Merdan ORAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 12 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

08 Oktýabr 2025 | 92 okalan

GUŞA GANAT GEREK, YNSANA – YLHAM