ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI

Golaýda Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýaşulular – halkymyzyň geçmişiniň, däp-dessurlarynyň, edep-ekramynyň göwher hazynasydyr. Olar ýaşlara pähim-paýhas, nesihat we durmuş tejribesi bilen ýol görkezýärler. Hormat goýmak, sylaglamak, söýgi we alada bilen gurşamak ýaşlaryň iň uly borjudyr. Bu gün diňe bir baýram däl, eýsem ýaşululara bolan minnetdarlyk günidir. Çykyşlarda, ýaşulular üçin mähirli sözler aýdylyp, ýagşy dilegler bilen ýüreklerini ýylatmak, olaryň ömür tejribesinden peýdalanmak hemmämiziň parz borjumyzdygy bellenilip geçildi. Çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirilmegindäki özboluşly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ryhy lezzet paýlady.

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Balkan welaýatynyň il sylagly ýaşulularyna, kümüş saçly mährem enelerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gül desseleri hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň w.w ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

02 Oktýabr 2025 | 21 okalan

ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI

02 Oktýabr 2025 | 31 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI

02 Oktýabr 2025 | 25 okalan

GELJEGE YNAM BILEN BEÝIK MAKSATLARA TARAP