Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Daşary ýurt dilleriniň hepdeligi geçirilip, oňa gatnaşanlaryň ählisi, ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we myhmanlary üçin ajaýyp we ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Iňlis we ýapon dillerinde bagyşlanylan hepdelik tehniki ugurlar we lingiwistika boýunça daşary ýurt dilleri kafedralarynyň mugallymlary tarapyndan çärä işjeň we gyzyklanma bildirip gatnaşan talyplar bilen bilelikde guraldy.
Daşary ýurt dilleri hepdeliginiň çäklerinde bäsleşikler, oýunlar, akyl bäsleşikleri, Ýaponiýanyň we iňlis dilli ýurtlaryň halklarynyň medeni gymmatlyklarynyň köp öwüşginli sergileri geçirildi. Ýapon medeniýetiniň sergisi esasy wakalaryň birine öwrüldi. Talyplar onda ýapon milli egin-eşiklerini, edebiýatyny, çeper önümlerini görkezdiler, şolaryň arasynda origama usulynda ýerine ýetirilen işler aýratyn ünsi çekdi. Adamlaryň elleri bilen ýasalan guş şekiljikleri, haýwanlaryň keşpleri, gülläp duran sakuranyň şahajyklary hem-de däp bolan ýapon öýjagazlarynyň nusgalary şol günler ugurdaş sergini bezemek bilen birlikde ýokary okuw mekdebiň giň eýwanyny we zallaryny-da gözel görke getirdi. Işleriň her birine iňlis we rus dillerinde gysgaça düşündirişler berildi.
Talyplaryň gatnaşmagynda özüne çekiji bäsleşikler we düşünjäni artdyryjy oýunlar işjeň we baýramçylyk ruhunda geçdi. Esasan bu çärelere işjeň gatnaşmaklaryna birinji ýyl talyplar çekildi. Ýapon we iňlis dillerindäki bäsleşikler we oýunlar talyplar üçin grammatika, leksika bilimlerini, dilden gürlemek başarnyklaryny hem-de gepleşik guramak ukyplaryny baýlaşdyrmaga we türgenleşmäge ajaýyp mümkinçilige öwrüldi.
Hepdeligiň ýapylyş dabarasynyň dowamynda talyplaryň belleýişleri ýaly, geçirilen çäre olaryň daşary ýurt dillerini, dünýäniň ýurtlarynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny ep-esli derejede artdyrdy. Mugallymlar we guramaçylar talyplaryň uly höwes bilen gatnaşan Hepdeliginiň maksatnamasynda medeni-bilim çäreleriniň geçirilmeginiň medeniýetara gatnaşyklary berkitmek we halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň gözýetimlerini giňeltmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işlemek üçin ýokary okuw mekdebiň agzybir işgärlerini has-da jebisleşdirendigini bellediler.
turkmenistan.gov.tm