Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilim almagy üçin döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi üçin döwrebap stadionlar, türgenleşik merkezleri açylyp, ýaşlaryň dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlik gazanmagyna şert döredilýär. Bularyň hemmesi ýaşlaryň ruhy taýdan kämilleşmegine, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam berýär.
Parahatçylyk — ýaşaýşyň gözelligini, jemgyýetiň durnuklylygyny, halklaryň agzybirligini üpjün edýän beýik ýörelgedir. Ol adamzadyň kalbynda ynamy, umydy we döredijilik güýjüni oýarýar. Ýaşlaryň sesinde parahatçylyk diňe bir şygar däl, eýsem geljege bolan ynamly ädimleriň hem beýik nyşanydyr.
Dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagynda ýaşlaryň ylyma, bilime, sporta we döredijilige bolan yhlasy uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň sesi parahatçylyk äheňinde ýaňlananda, ol dünýäni ýagtylyga, dostluga we ynsanperwerlige çagyrýar.
Parahatçylyk – ýaşlaryň beýik arzuwlarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň açarydyr. Ýaşlaryň sesinde ýaňlanýan parahatçylykly ýörelgeler jemgyýetimizi bagtyýarlyga, halkymyzy bolsa rowaçlyga eltýär.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň w.w ýe.ýe.