WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň Nakgaşçylyk ugrunyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Waspy dünýäni jadylan, türkmen alabaýy» ady bilen wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy hem-de «Türkmen alabaýy milli mirasymyz we buýsanjymyzdyr» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiji bolan oglan-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda emin agzalary zehinli ýaşlarymyzyň türkmen alabaýynyň gözelligini wasp edip döreden sungat eserlerine syn edip adalatly bahalar bilen netije çykardylar. Bäsleşigiň netijesine görä, I orna Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň Nakgaşçylyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Şeripow Adylhan, Nakgaşçylyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Kuwwatgeldiýewa Jennet, II orna Nakgaşçylyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Şerbaýewa Aýjemal, Nakgaşçylyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Rejepowa Aýna, III orna Nakgaşçylyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Bazarowa Bägül, Nakgaşçylyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Hojaniýazowa Gözel mynasyp boldular.

Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda ýeňiji bolan ýaş zehinli talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýusup BABAKULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 3 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 61 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY