Türkmenistanyň akademiki düzüminiň wekilleriniň adam fiziologiýasy babatda alyp barýan ylmy-barlag işleri yzygiderli täze, hil taýdan has ýokary derejä çykýar, olaryň gazanan üstünlikleri bolsa eýýäm dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ykrar etmegine eýe boldy.
Bu barada, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatda çykyş eden, Berlin şäheriniň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) «Şarite» uniwersitetiniň klinikasynyň Fiziologiýa institutynyň Kosmos lukmançylygy we adatdan daşary ýagdaýlar merkeziniň ýolbaşçysy, professor Gans-Kristian Kunga belläp geçdi.
Professor öz çykyşyny howanyň üýtgemeginiň adamyň saglygyna edýän täsiriniň esasy ugurlaryna bagyşlady. Professoryň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawyň, aýratyn-da Merkezi Aziýada, özgermegi, hususan-da, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy gaty görnüklidir.
Adam bedeni fiziologik nukdaýnazardan islendik üýtgemelere örän duýgurdyr. Adam üçin bedeniň içki durnukly temperaturasyny kadaly derejede saklamak esasy ähmiýete eýedir. Emma daşky gurşawyň temperaturasynyň üýtgemegi we fiziki agram düşende, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň «ýylylyk stresine» we bedende deňagramsyzlyga getirip biljekdigini Gans-Kristian Kunga belledi.
Geçen ýyl Aşgabatda Berlin merkeziniň wekilleri lukmanlar, mugallymlar we talyplar üçin «Adam fiziologiýasy adatdan daşary şertlerde» atly umumy okuwlaryny geçirdiler. Onda olar türkmen kärdeşlerini daşky gurşawyň üýtgemegi şertlerine degişli lukmançylyk nukdaýnazaryndan alnyp barlan gözegçilikler we degişli işläp taýýarlamalar bilen jikme-jik tanyşdyrdylar.
«Bu okuwlaryndan soň amaly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde türkmen kärdeşlerimiz eýýäm öz barlaglarynyň esasynda öz garaýyşlaryny beýan edip, «ýylylyk streslerine» garşy durmak üçin birnäçe netijeli çözgütleri teklip etdiler. Bu ýerde türkmen alymlarynyň nazary we amaly üstünlikleriniň halkara ylmy jemgyýetçiligiň örän ýokary görkezijilerine eýe bolandygyny we ulanyşa girizilendigini aýratyn nygtamak wajypdyr» – diýip, professor Gans-Kristian Kunga belledi.
Alymyň belleýşi ýaly, Aşgabatdaky ýokary tehnologiýaly Halkara ylmy-kliniki fiziologiýa merkeziniň açylmagy we işlemegi, iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy Türkmenistanyň degişli akademiki düzüminiň agzalarynyň fiziologiýa babatdaky ylmy-barlag işlerini düýbünden täze derejä çykarar.
«Biz öz gezegimizde türkmen dostlarymyz bilen nobatdaky ylmy barlaglary we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys» – diýip, maslahatyň wekili tassyklady.
Sözüniň ahyrynda Gans-Kristian Kunga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şeýle hem Halkara ylmy-kliniki fiziologiýa merkezine dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen häzirki gepleşiklere gatnaşmaga döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Gans-Kristian Kunga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa şeýle ýokary derejeli möhüm çäreleri guramakda berýän goldawlary üçin aýratyn hoşallygyny bildirdi. Germaniýaly professor türkmen halkyna abadançylyk we üstünlikler, Garaşsyz Türkmenistana bolsa durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
turkmenistan.gov.tm