Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de “Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda etrabyň çäginde täze gurlan Saglyk öýünde “Döwür we syýasat” atly gepleşigiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň dowamynda bu Saglyk öýüniň bölümleri hem-de lukmanlary bilen söhbetdeşlik guraldy. Bu täze Saglyk öýünde zähmet çekýän lukmanlar söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda raýatlar üçin, ylaýta-da ýaşlar üçin, olaryň sagdyn ösmegi, aňly-düşünjeli, geljekde Watanymyza, halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli lukman Gahryman Arkadagymyzyň baýramçylyk sowgady bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVII jildiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň sowgat berilmegi saglygy goraýyş işgärlerine ajaýyp sowgat bolandygy barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Gepleşigiň ahyrynda halkymyzyň saglygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Rüstem HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.