Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde dabaraly çäre geçirildi. Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy hem-de birinji Prezidenti bolan Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň hormatyna döredilen «Oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin» altyn medalynyň gowşurylyş dabarasy oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Çünki bu hoş habar halkymyzyň, aýratyn-da Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheri gysga döwürde 40-a golaý halkara güwänamalara eýe bolup, nusgalyk şähere öwrüldi. Gazanylan bu nobatdaky üstünlik bolsa, sebitde deňi-taýy bolmadyk şäheriň mundan beýläk-de ykdysady kuwwatynyň berkemeginde, şan-şöhratynyň has-da artmagynda uly ähmiýete eýe bolar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen söhbetli çykyşlarda, şowhunly aýdym-sazlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sungat eseri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerine buýsanç öz beýanyny tapdy. Şeýle hem çykyş edenleriň her biri nusgalyk şäheri gurup beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.