Eziz Watanymyzyň ösüşiniň belent sepgitlere ýetmegi ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Gurlup ulanylmaga berilýän ýöriteleşdirilen hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň sany ýylsaýyn artdyrylýar.
Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen makala ýazmak, goşgy düzmek boýunça döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşikler ýaş nesilleriň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, döredijilik başarnyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamaty bolan döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralyp, olar ýaşlarda döredijilikli pikirlenmeleriň, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik ýaly düşünjeleriň berkemeginde uly ähmiýete eýe bolýar.
Türkmen ýaşlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, Türkmenistan döwletimiziň tuguny belentde parladýarlar. Muňa mysal edip, şu ýylyň maý aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwalyna gatnaşyp, türkmen ýaşlarymyzdan 2-si ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän “Ýaşyl älem” atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, TÜRKSOÝ-nyň Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar.
Ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, ylym öwrenmegi we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.