Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Tegelek stolyň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna, galy-bersede ähli saglyk ulgamynda zähmet çekýän lukmanlarymyza «Türkmenistanyň derman ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII tomyny hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli buýsançly söhbetler edip, onda ýerleşdirilen dermanlyk otlarynyň ähmiýeti dogrusynda hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna 30 ýylyň dolmagy hem-de saglyk ulgamynda ýetilen üstünlikleri, edilen işleri wasp edýän ajaýyp kitabyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Mundan başga-da hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumynyň gurluşygynyň düýbini tutmak dabarasynyň geçirilendigini, hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda Koreýa Respublikasynyň belli kompaniýasy tarapyndan zawodyň çäklerinde ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumda ýaş hünärmenlerimiz bilen koreýaly hünärmenleriň bilelikde işleri alyp barjakdyklary barada bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy gülledip ösdürmek, ony dünýä ýaýmakda, ýaş nesilleriň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly mümkinçiliklerdir şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbahar AÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň işgäri.