Russiýanyň Ýekaterinburgdaky UMMK-nyň (Ural magdan we metallurgiýa kombinaty) stol tennis toparynyň tälimçisi Ilýa Židkow «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Aşgabadyň sport toplumlarynyň rahatlygyna we ägirt uly gerimine ýokary baha berdi.
«Ilki aýtjak zadym, bu – birkemsiz gurlan toplumlar. Onuň göwrümi gaty uly – geň galdyrýar, haýran edýär. Biz bu ýerde ýigitler bilen gaty gowy türgenleşik geçirdik. Oýun oýnadyk. Türkmen türgenleriniň derejesiniň örän ýokarydygyny belläsim gelýär. Utuga oýnadyk, ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi».
Ilýa Židkow Aşgabada türkmen tennisçileri bilen bilelikde türgenleşik geçirmek üçin 14-16 ýaş aralygyndaky türgenlerini alyp geldi. Bu russiýaly we türkmenistanly ýaş tennisçileriň ilkinji bilelikdäki türgenleşik ýygnanyşygydyr. Russiýanyň öňdebaryjy stol tennis topary bolan UMMK-nyň türgenleri Olimpiýa şäherçesinde we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda türgenleşik geçirýärler, bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ajaýyp şertler döredilipdir. Türgenleşik ýygnanyşygy 25-nji oktýabra çenli dowam eder.
Türgenleşikleriň arakesmelerinde myhmanlar üçin myhmansöýer Türkmenistanyň gözel ýerleri we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan gyzykly medeni hem bilim maksatnamasy meýilleşdirilipdir.
«Türkmen toparlarynyň hem siziň ýurduňyza türgenleşige barmagyna garaşýarsyňyzmy?» diýen soraga jogap berende, rus tälimçisi täze dostlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşjakdyklaryny we olary görmekden hoşal boljakdyklaryny aýtdy.
«Biz Aşgabat türgenleşik ýygnanyşygynyň ýurtlarymyzyň tennis mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda berk sport dostlugynyň başlangyjy boljakdygyna, şeýle hem stol tennisi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigine doly ynanýarys» diýip, Ilýa Židkow sözüni jemledi.
turkmenistan.gov.tm