Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mejlisler zalynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ekologiýa medeniýeti babatda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, daşky gurşawy goramaga we tebigata aýawly çemeleşmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda alnyp barylýan işler barada çykyşlar diňlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ählumumy abadançylygy, ekologiýa arassaçylygy üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.












