SAGDYN NESIL — EGSILMEZ GÜÝÇ

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary şäher Halk Maslahatynyň we Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Sagdyn nesil — egsilmez güýç» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy, Mary şäher Halk Maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Maksat Ýakubow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler dogrusynda gürrüň edip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalar hakynda aýratyn nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimiziň şöhratly geljegi, halkymyzyň bagtyýar ertiri üçin irginsiz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Resul BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy,

Mary şäher Halk Maslahatynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 24 okalan

MILLI NESIL — TERBIÝÄNIŇ ÖZENI

28 Oktýabr 2025 | 66 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

27 Oktýabr 2025 | 88 okalan

SAGDYN NESIL — EGSILMEZ GÜÝÇ