BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Ýakynda Mary welaýat häkimliginiň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Mary welaýat merkezinde her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk röwüşde bezelen meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmeniň wepaly dosty hasaplanylýan türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýän birnäçe ajaýyp çykyşlara tomaşa edildi. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri bolup, bu baýramçylyga uly buýsanç bilen gatnaşdyk.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzy asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Maksat BÄŞIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndakyÝaşlar guramasynyň

Mary welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 24 okalan

MILLI NESIL — TERBIÝÄNIŇ ÖZENI

28 Oktýabr 2025 | 67 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

27 Oktýabr 2025 | 88 okalan

SAGDYN NESIL — EGSILMEZ GÜÝÇ