EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — ABADAN DURMUŞYŇ ÇEŞMESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmakda dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýa meselesi ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň baş wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň abadan durmuşyny, arassa daşky gurşawy, tebigy baýlyklarymyzy gorap, geljekki nesillere ýetirmekdir.

Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek adamzadyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak babatda sebit hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, halkara konwensiýalara goşulmagy tebigaty we ekologiýany goramakda uly işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän agaç nahallaryny oturtmak çäreleri, bag ýetişdirmek, ideg etmek, eziz Diýarymyzyň gözelligine goşant goşmak indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa tebigata aýawly çemeleşmegiň, rejeli peýdalanmagyň jogapkärçiligini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa syýasatyna gatnaşmagy, geljekdäki bagtyýar durmuş üçin kämil binýat bolup durýar.

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 74 okalan

MILLI MANADYMYZ — YKDYSADY GÜÝJÜMIZ

30 Oktýabr 2025 | 100 okalan

TEBIGAT — TAÝSYZ NYGMAT (Oýlanma)