Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 6-njy çagalar bakja-bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda «Ýaňlansyn Diýarymda aýdym-sazyň owazy» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Körpe nesilleriň wagtlaryny gyzykly geçirmek we olarda aýdym-saza bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen çäre örän täsirli boldy.
Onda çagalaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Ýaňlanan aýdymdyr sazlarda ata Watanymyzyň, asuda, parahat zamanamyzyň, bagtyýar çagalygyň waspy belentden ýetirildi. Çagalaryň ýerine ýetiren goşgylary bolsa, oňa gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar çagalaryň döwrebap bilim hem terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulnur BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.
                    
                    
                    
                            
                    











