Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda geçirilýän baýramçylyk çärelerimiz şatlyk-şowhuna, taryhy wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär.
Şu baýramçylyk mynasybetli, golaýda Balkan welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halkara Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezinde Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän türkmençiligiň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatydyr diýip belläp geçdiler.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda, oňa gatnaşanlar biziň milli gymmatlyklarymyzyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.











