ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Golaýda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi bilen Sakarçäge etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagy bilelikde guradylar. Çäräniň maksady körpe nesliň wekillerini halk döredijiligi bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan we olaryň edep-ekramly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

Çärede mugallymlar körpejelere türkmen halk ertekilerini aýdyp berdiler. Çagalaryň erteki gahrymanlarynyň şekilleri bilen tanyşlygy örän täsirli boldy. Şeýle-de körpejeler bilen erteki gahrymanlarynyň häsiýetleri dogrusynda pikir alyşmak çäräniň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrdy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi çagalaryň edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmeginde möhüm orun eýeleýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzy çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çynar HOŞGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 23 okalan

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

03 Noýabr 2025 | 23 okalan

ÝAŇLANSYN DIÝARYMDA AÝDYM-SAZYŇ OWAZY

01 Noýabr 2025 | 59 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI