«TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝURDUMYZY 2022 — 2028-NJI ÝYLLARDA DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASY» IŞJEŇ HEREKETDE

Ýurdumyzyň welaýatlaryny, olaryň iň çetki sebitlerine çenli toplumlaýyn ösdürmek döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenen. Şoňa laýyklykda Milli Liderimiziň bu ugurdaky özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwrebap dowam etdirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň özgermegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine oňyn netijesini berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň Berkarar döwletimizde mynasyp dabaralanmasydyr.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleri, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 2-nji noýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň nobatdaky iş saparynyň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar