Her bir milletiň beýikligini onuň döredip, kämilleşdirip şu güne getiren medeni mirasy, däp-dessurlary, dili hem ruhy gymmatlyklary görkezýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeniýeti şu günki gün hem nesillerimize ýol-ýörelge bolup gelýär. Bu miras diňe geçmişiň ýadygärligi däl, eýsem, halkymyzy agzybirlige, zähmetsöýerlige we parahat ýaşaýşa ruhlandyrýan baýlykdyr.
Türkmen halky haly dokamakdan başlap, saz döretmäge, dessan ýazmaga çenli ähli ugurda öz döredijilik ukybyny görkezen şahandaz halk.
“Görogly”, “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Gül-Bilbil”, “Gül-Senuber”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Saýatly-Hemra” ýaly dessanlarymyz halkyň ýüreginden çykyp, müň ýyllyklaryň dowamynda ýaşap gelýär. Şol milli mirasy gorap saklamak, täze döwrüň ruhunda dowam etdirmek biziň borjumyzdyr. Bu günki ýaşlaryň döretýän her bir eserinde, her bir işinde şol geçmişden gelýän ylham bar. Milli mirasymyzy öwrenmek — geljegiň ýoluna nur saçmakdyr.
Milli mirasy öwrenmek diňe bir taryhy bilmek däl, eýsem, özüňi, öz köküňi tanamakdyr. Halkymyzyň döredijilik we zähmet ýolunyň her sahypasy ýaş nesiller üçin örän gymmatly ýörelge bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, geçmişden gelýän miras häzirki döwrüň döredijiliginde täze öwüşgin alýar, geljege ylham berýär.
Laçyn KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.












