ÝAŞYL MEÝDANÇA EZBERLERI SAÝLAÝAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, KA-nyň Görogly etrap birleşmesi, Görogly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde Görogly şäherindäki I sport desgasynda «Ýaşyl meýdança ezberleri saýlaýar» atly şygar astynda sport çäresini geçirdi. Ýaş nesilleri sporta höweslendirmek, sportuň futbol görnüşi bilen gyzyklanýan ýaşlaryň arasyna has güýçli oýunçylary, toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen sport  çäresinde Görogly etrabynyň we Şabat etrabynyň futbol toparlary öz aralarynda ýaryşdylar. Etraplaryň futbol toparlarynyň arasynda geçirilen futbol ýaryşy çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Sport ýaryşynyň jemi jemlenip, netije yglan edilende 6:1 hasabynda Görogly etrabynyň topary ýaryşyň ýeňijisi bolmagy başardy. Sport çäresiniň ahyrynda  ýeňiji toparyň oýunçylaryna etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşan ýaşlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Kemal SABYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2025 | 21 okalan

BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

11 Noýabr 2025 | 14 okalan

ÝAŞYL MEÝDANÇA EZBERLERI SAÝLAÝAR

10 Noýabr 2025 | 96 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER