BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler otagynda  «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns merkezinde durýan esasy meseleleriň birine öwrülendigini, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işleriň durmuşa geçirilýändigini, keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrýan, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňat netijeler gazanylýan binalaryň gurulýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan  Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmeklerini arzuw etdiler.

Sabyrgeldi BEGOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2025 | 21 okalan

BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

11 Noýabr 2025 | 13 okalan

ÝAŞYL MEÝDANÇA EZBERLERI SAÝLAÝAR

10 Noýabr 2025 | 96 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER