Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkan welaýat kitaphanasynda ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, edep-terbiýe kadalaryny wagyz etmek maksady bilen «Maşgala terbiýesi – kämil nesliň binýady» atly şygar astynda duşuşyk çäresi geçirildi.
Geçirilen çärede çykyş edenler, türkmeniň maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan miras galan mertlik, nesilden-nesle geçip gelen edeplilik, mylaýymlyk, asyllylyk, wepalylyk ýörelgeleriniň bardygyny, ata Watanymyzda milli ýörelgelere eýerýän häzirki zaman maşgala ojagynyň berk bolmagynda, eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň goralmagynda ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň ähmiýetiniň uludygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












