TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň «Ýolagçy-parom» terminalynda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler dogrusynda tegelek soluň başynda söhbetli telegepleşigi ýazgy edildi.

Gepleşigiň dowamynda çykyş edenler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 mln 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüniň tutuluş dabaralary, şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary, «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty, şeýle-de ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzyň bagtyýar zamanada ýaşamagy üçin giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Annagül BEGNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar