WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 24-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň hem-de Kerki etrabynyň bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda etrabyň çäginde ýerleşýän umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň   öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen «Edepli ýaşlar – ýurduň geljegi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onuň dowamynda edilen çykyşlarda milli däp-dessurlarymyzda jemlenen edep kadalary, adamyň ruhy-ahlak gözelligini kesgitleýän häsiýetleri, häzirki wagtda sanly serişdeleriň özleşdirilýän zamanasynda hem milli gymmatlyklarymyz arkaly ýaşlara berilýän döwrebap terbiýe ulgamy hakynda nygtap geçdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň soňunda oňa gatnaşan ýaş nesiller, şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Atajan JORAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 20 okalan

TEBIGY BILIMLER HEPDELIGI

13 Noýabr 2025 | 20 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM