Ýakynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň «Bagt köşgi» toý mekanynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher we Çärjew etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda «Hemişelik Bitaraplyk – durnukly ösüşiň özeni» ady bilen teleýazgy arkaly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda çykyş edenler, Türkmenistan ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen yzygiderli ýola goýýan we ösdürýän parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň başlangyjy hökmünde türkmen Bitaraplygynyň aýratyn ähmiýeti, Bitaraplyk derejämiziň pugtalanmagynyň ajaýyp miwesi hökmünde döwletimiziň her günki ösüşleri, sebitlere uzaýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hakynda nygtap geçdiler.
Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülşat ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












