DURNUKLY ÖSÜŞE ÝETMEKDE ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHMIÝETI

Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň esasy maksady — durnukly ösüşi üpjün etmek, ýagny ykdysady ösüşi, jemgyýetçilik abadançylygyny we daşky gurşawy goramagy bir wagtda sazlaşykly alyp barmakdyr. Bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň iri guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO bilen bilelikde alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir.

Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO – BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bolup, onuň esasy wezipesi – bilim arkaly jemgyýetiň ösüşine itergi bermek, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de medeni mirasy goramakdyr. Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy öz köklerini Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Şol döwürden bäri ýurdumyz ÝUNESKO-nyň bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky taslamalaryna işjeň gatnaşýar.

Ýurdumyzda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlary bolan “gender deňligi”, “ýaşyl ykdysadyýet” we “tebigaty goramak” babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, bilim ulgamynda sanly mümkinçilikleriň ösdürilmegi, ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagy durnukly ösüşiň esasyny düzýär. Şeýle hem, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzyň tebigy we medeni mirasyny goramak boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa diňe bir taryhy mirasy saklamak bilen çäklenmän, ekologik durnuklylygyň hem möhüm bölegi bolup çykyş edýär.

Bu hyzmatdaşlyk diňe bir häzirki döwrüň ösüşine däl, eýsem geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Öňki makala

ÜÇDEN BIRI ÄHTIMAL...

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 46 okalan

ÜÇDEN BIRI ÄHTIMAL...

13 Noýabr 2025 | 57 okalan

ÝAŞLAR — DÖWLETIŇ GELJEGINIŇ KEPILI