Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Geňeşiniň guramagynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli “Ýaşlar siziň bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Söhbetdeşlik çäresine gatnaşanlar ýaşlaryň ýurdumyzda ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda uly güýç bolup durýandygyny, olaryň maksada okgunlylygyň, synmaz berk ynamyň kuwwatly güýjidigini aýratyn nygtap, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşýändigi barada öz çykyşlarynda belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzy bagtly we nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýnur ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












